Türkmen köli

2 Maý 2021
2148

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzda ýerler ýylyň bütin dowamynda taba getirilip, ýer böleklerinde ekin görnüşleri çalşyrylyp ekilip, aralyk ekinleri ekmegiň we ideg etmegiň talaplary doly berjaý edilip, eýeçilik gözi bilen çemeleşilýär. Munuň özi ýerleriň tapdan çykmagynyň, şorlaşmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bir akabasy ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň çäginden gözbaş alyp gaýdýan, bir akabasy Lebap, Mary, Ahal welaýatlarynyň çäklerinden geçýän «Altyn asyr» Türkmen köli ýerleri tapdan çykarýan şorlaşmalaryň öňüni almakda wajyp orun eýeleýär.

Agzalyp geçilen şor suw akabalary arkaly ýurdumyzyň tutuş çäginden diýen ýaly toplanylyp akdyrylýan şor suwlar Garaşor çöketligine, bu ýerde gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurlup ulanylmaga berlen birinji tapgyryna gelýänçä hem ýaramsyz duzlardan ep-esli derejede saplanýar. «Altyn asyr» Türkmen kölüne toplanmagy bilen bolsa, onuň düzümi has-da arassalanylyp, ondan guş-gumrular, düýelerdir çekene mallar suwlanýarlar. Ady agzalan kölüň gurulmagy we oňa toplanan şor suwlaryň düzüminiň arassalanmagy bilen, sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna hem oňaýly täsir edýän howa gurşawy, gatlaklary emele gelýär.

Meýlis HOJAGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.