Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

26 Mart 2021
1472

Golaýda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi. Onlaýn duşuşyga “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň “Russia Today” halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň “AzerTAj” Döwlet habarlar agentliginiň, “Aztv” halkara radiosynyň, Gruziýanyň “TW-24” teleýaýlymynyň, Ermenistanyň “Armenpress” habarlar agentliginiň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Çärä türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri wekilçilik etdiler.