Batly gadamlar bilen

23 Mart 2021
1555

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen bedenterbiýe we sport ulgamy giňden rowaçlanýar. Ýaş türgenleriň sanyny artdyrmak, ýaşlary sporta çekmek we milli ruhda terbiýelemek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak babatda maksada laýyk işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Onuň esasy maksady bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek arkaly türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekden, watandaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan, şeýle-de boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmakdan, olaryň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin zerur şertleri döretmekden, türkmen sportuny dünýäde ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda sporty ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça asylly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda sport ulgamy belent derejelere, ýokary basgançaklara göterildi. Muňa türkmen türgenleriniň halkara derejesinde, döwlet ýaryşlarynda gazanýan netijeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Biziň welaýatymyzda hem olaryň yzygiderli türgenleşik geçmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleriniň, sport desgalarynyň birnäçesi hereket edýär.