Sanly ulgam — ösüşleriň ygtybarly binýady

18 Mart 2021
2220

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz çalt depginler bilen ösýär. Watanymyz dünýä döwletleriniň arasynda ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar.

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Halkymyzyň dostluk, goňşuçylyk, myhmansöýerlik, sahawatlylyk däpleri Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleriniň mazmunyny baýlaşdyrdy». Ýurdumyzda dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilmegi, Watanymyzyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalmagy ykdysady ösüşlerimiziň hem barha ilerlemegine getirýär. Çünki durmuşdaky bu baglanyşyk ykdysadyýetiňem, syýasatyňam, medeniýetiňem özara baglanyşygynyň mäkämdigini görkezýär. Ösüşlerden ösüşlere barýan Watanymyzda munuň özi möhüm ähmiýete eýedir.

Gözel MÄTIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy