Zähmet baýramçylygyna öwrüler

16 Mart 2021
1909

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, şu ýylyň 20-nji martynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyryljak ählihalk bag ekmek dabarasyna Ak bugdaý etrabynda hem ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýat derejesindäki bag ekmek dabarasy etrabyň Bereketli zaman şäherçesinde geçiriler.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alýan bagtyýar ildeşlerimiz agaç nahallaryny oturtmak we olara ideg etmek ýaly asylly işlere saldamly goşantlaryny goşup gelýärler. Geçen ýyllaryň dowamynda etrabymyzyň çäginde dürli görnüşli agaç nahallarynyň ýüz müňlerçesi oturdylyp, täze ýaşyl zolaklar döredildi. Bu bolsa etrabymyzyň merkezine, şäherçelerimize we obalarymyza özboluşly görk goşdy.

Jeýhun SAPAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.