Üstünliklere beslenýän zähmet

15 Mart 2021
1261

Ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serhetabat etrap maldarçylyk hojalygynyň maldarlary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem dowarlaryň owlak-guzy möwsümine guramaçylykly girişdiler. Owlak- -guzy möwsümi geçirilmeli ýerlerde arassaçylyk işleri geçirilýär. Üstümizdäki ýylda etrap boýunça dowarlaryň baş sany 287867-ä ýetirilip, şol sanda önüm bermeli ene goýunlaryň baş sany 170957 bolup, olardan sagdyn, tohum guzy almak işleri giňden ýaýbaňlanýar. Dowarlaryň owlak-guzy möwsüminde 158943 sany guzy almaklygy meýilleşdirýän çopan toparlarymyzyň gadamlary batly, ümzükleri öňe.

Ýaşyl ýaýlalarda dünýä täze inen guzujyklaryň mäleşýän sesleri sähra guşlarynyň sesleri bilen utgaşyp, täsin bir mukam bolup ýaňlanýar. “Guşgy”, “Çemenabat”, “Serhetçi” maldarçylyk hojalyklary dowarlardan önüm almaklygy üstünlikli geçirýärler. Şu ýyl maldarçylyk hojalyklarynyň çopan toparlarynyň yhlasy bilen işler tutanýerli alnyp barylýar. Bu işde tejribeli çopan toparlarynyň goşantlary uludyr.