Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

10 Mart 2021
1506

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde baky Bitarap Türkmenistan bilen ähli ugurlarda, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Soňky ýyllarda bu ugurdaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagy halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge, olary bütin dünýäde wagyz etmäge mümkinçilik berdi.

Öňňin Amerikanyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen «Gallagher&Associates» kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde geçirilen maslahatda hem bular barada giňişleýin gürrüň edildi.

«Aşgabat».