Erik gülläpdir

22 Fewral 2021
1961

Göräýmäge, diňe bir sütünlik baldagy däl, eýsem, şahalary-da gasyn-gasyn bolup duran erik bagy äwmezek ýaly. Ýöne onuň entek ýere ýyly gitmänkä, ýyldyz senenamasyndaky «Çarwa nowruzy» ýa-da «Nowruz» döwri hakda-ha söz ýok, eýsem, «Garagyşyň» orruk ortarasynda gülläp başlamagy bolsa, köp zatlar hakyndaky oý-pikirleri, deňeşdirmeleri seriňe doldurýar. Adatça, ýanynda dürli gülküli wakalary gürrüň berseňem, bir ýylgyrdyp bolmaýan adamlar bolar-a. Ana, şolaryň juda agras görünseler-de, käteler ýürekleriniň ýukadygyna göz ýetirip, haýran galarsyň. Olary öz ýanyňdan duýga, mähre garybrak hasaplap ýörensiň welin, birdenkä bilelikde dartgynly wakalar bilen kalbyňy elendirýän filme tomaşa etmeli bolaýsaň ýa-da durmuş şowsuzlyklaryndan habar berýän daşary ýurt gepleşiklerine bile seredäýseň welin, häli-şindi ýuwaşlyk bilen gözleriniň owasyny süpürýändigine şaýat bolarsyň.

Erik bagynyň paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde: seýilgählerde, ýaşaýyş toplumlarynyň ýanýodalaryny etekläp oturan baglaryň arasynda patraga dönen güllerinden gözüňi aýrasyň gelenok. Ýaňy «Kiçi çilleden» çykyp, öz ýanyňdan: «Ynha, bu gün-ertir togsan dolup, ýere-de ýyly gider, nesip bolsa» diýip, günüňi hasaplap ýörkäň, güle duran bagy synlamak juda ýakymly ahyry. Onuň düýşde ýa-da gyzykly çeper eserde däl-de, hut hakykatda gülländigine aň ýetiribem çaga ýaly begenersiň. Hawa, Watanymyzyň ýüregi Aşgabatda erik gülläpdir. Onuň mylaýym ýeliň ugruna ülpüldäpjik duran aksowultdan gülgüneje gülleri, göwnüme däl, hakykatda şeýledir, merjen paýtagtymyzyň döredilen gününiň 140 ýyllygyna niýetlenen sowgat bolmaly. Sebäbi bu şatlykly sene döredijilik işgärleriniň-ä hemmesini diýen ýaly tijendirip bildi. Aýdymçylar, şahyr-ýazyjylar, kinorežissýorlardyr artistler, medeniýet we sungat işgärleriniň her biri bu şanly senä üýtgeşik bir toý gatanjyny etmegiň ugrunda. Merjen şäherimiziň Ginnesiň rekordlar kitabyna ençeme sapar mynasyp görlen mermer binalary, desgalarydyr ýadygärlikler toplumlary barada gazet-žurnallaryň sahypalary dür saçyp, teleradiogepleşikleri aýdyň şekillere beslenýär.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».