Ylma höwesli ýaşlar

17 Fewral 2021
2554

Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durup, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde iňňän derwaýys meseleleriň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň hatarynda her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylyp, ýaşyl zolaklaryň döredilmegini, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň taýýarlanylmagyny aýratyn bellemek gerek.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Gün energiýasy instituty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna berildi. Bu Karardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi döredildi. Häzirki wagtda bu ylmy-önümçilik merkezinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar.

Eziz ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň taslama bölüminiň inženeri.