Uzak günki argynlykdan soň arassa howada dynç almak adama gurbat-güýç berýär. Gözelligi, sergin howasy, tämizligi bilen göreni maýyl edýän seýilgähler, suw çüwdürimleri iň gelim-gidimli ýer hasaplanýar. Aýratyn-da, tomsuna gündiziň yssysy gaýdyşansoň, aram howada suw çüwdüriminiň ýanynda dynç almagyň özboluşly lezzeti bar. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, dünýäniň islendik künjeginde köpçüligiň ünsüni özüne çekýän täsin şekilli suw çüwdürimleri gabat gelýär. «Dile düşen» şeýle suw çüwdürimleri jahakeşdeleri-de özüne bendi edýär.
«Bag» suw çüwdürimi