Sport — ýaşlaryň durmuş ýörelgesi

8 Fewral 2021
1670

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Munuň özi ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde, ösüp gelýän nesilleri sporta çekmekde, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda alnyp barylýan işlere täzeçe many-mazmunda uly itergi berer.

Häzirki wagtda Diýarymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň kanunçylyk binýady has-da kämilleşdirilýär. daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňden ösdürilýär. Bu ugurda dünýä tejribesiniň gazananlaryny özleşdirmek we ýaşlaryň arasynda halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak babatda hem uly üstünlikler gazanylýar.

Meýlis GARADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.