Sagdyn iýmitlenmek — sagdyn ýaşaýyş

8 Fewral 2021
1458

Sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň iň gowy serişdesidir. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda ýokanç däl keseller, şol sanda semizlik, onuň bilen bagly ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we howply täze döremeler ýokumlaryň, gerekli maddalaryň ýetmezçiligi, iýmitlenmegiň kadalarynyň bozulmagy bilen baglydyr.

Soňky ýyllarda dürli keselçilikleriň garşysyna göreşmek boýunça ýurdumyzda köp işler amala aşyryldy. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen duzuň ýodlaşdyrylmagy gazanyldy. Düzümi demir hem-de foliý turşusy bilen baýlaşdyrylan unuň önümçiligi ýola goýuldy we degişlilikde ýod ýetmezçiligi we ganazlyk keselleriniň durnukly öňi alyndy.

Erkin METTIÝEW,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.