Meýdan işleri gyzyşýar

7 Fewral 2021
1496

Pagtaçylyk agrosenagat toplumynyň möhüm we düşewüntli pudagydyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda pagtaçylygyň ösüşine aýratyn üns gönükdirilýär. Gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pagtaçylygyň ylmy esasda alnyp barylmagy, şeýle-de onuň ekilýän meýdanlarynyň giňeldilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Gökdepe etrabynyň oba zähmetkeşleri hem ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Geçen oba hojalyk ýylynda gazanylan ýokary zähmet üstünliginden ruhlanan etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri şu günler geljekki bol hasylyň aladasy bilen tutanýerli işleýärler. Olar gowaça ekiljek ýerleri ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamakda ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar.

Altyn NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň işgäri.