Suw — zer, suwçy — zergär

3 Fewral 2021
3337

Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda pederlerimiz suwy ýaşaýşyň gözbaşy hasaplapdyrlar. Merdana pederlerimiz: «Ýer — enemiz, suw — atamyz» diýip, suwa uly hormat goýupdyrlar. Suw mukaddesligiň, ýaşaýşyň, bolçulygyň, rysgal-berekediň çeşmesi hasaplanýar. Suw tebigaty gülledip, ähli janly-jandara şypa berýär, ýaşaýyş-durmuşyny özgerdýär. Ajaýyp sähralarymyzy gülzarlyga, bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin pederlerimiz hemişe suwuň sarpasyny belent tutup, suw barada «Suw arykda durlanar», «Suw siňer, yzgar galar», «Suwly ýerde gül biter», «Suw düýbüni guwwas boýlar», «Suwsana suw bermek sogap», «Suw sogaby sakada» ýaly aýtgylary döredipdirler.

Ata-babalarymyz «Damja suwdan tal çykar» diýmek bilen suwuň zerre damjasyny-da harlamandyr. Suw — Allatagalanyň Zemine eçilen egsilmez baýlygy. Pederlerimiz suwuň gudraty bilen bagly gadymy däp–dessurlary, ynançlary berjaý edipdirler. Döwletli işiň başyny tutanda, Beýik Biribardan medet diläp, keramatly pirlere sygnypdyrlar. Halk arasynda Süleýman pygamber — suwuň-sebediň piri, Burkut baba — ýagyş-ýagmyryň, Ylýas — kölüň, Şyhy Zinde — guýynyň, Tahyr Lüle — käriziň, Nalaç baba — jykyryň, Ablybeşer baba — gazynyň we haşarçylaryň piri diýen ynanja eýeripdirler.

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.