Türkmenistanyň sport abraýy barha artýar

28 Ýanwar 2021
2091

Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri bellärliklidir. Ozal türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Ýaňy-ýakynda 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seretmegiň hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda türgen gyzymyza altyn medalyň gowşurylýandygy barada hoş habar gelip gowuşdy. Mundan başga-da, türgenimiz itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilişi ýaly, türkmen türgeniniň mynasyp bolan sylagy oňa şu ýyl geçiriljek agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşurylar. Şu hatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sportuň agyr atletika görnüşini hem-de, umuman, sporty ösdürmäge, Olimpiýa hereketini wagyz etmäge goşýan goşandy barada aýdylýar.