Dos­ta­na gat­na­şyk­lar pugta­lan­ýar

17 Ýanwar 2021
1953

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň her bir ýy­ly şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň ga­ty­na al­tyn sa­hy­pa­lar bo­lup gir­ýär. 2021-nji — «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýy­lyň il­kin­ji gün­le­rin­dä­ki aja­ýyp wa­ka­lar ga­dam ba­sy­lan ýy­lyň hem eziz Di­ýa­ry­my­zyň, bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň tä­ze ta­ry­hy­ny da­ba­ra­lan­dyr­jak, şan-şöh­ra­ta bes­len­jek ýyl­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­jek­di­gi­niň öz­bo­luş­ly ýü­ze çyk­ma­sy­dyr. Has ta­ky­gy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Le­bap we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň çä­gin­de on­laýn ýag­da­ýyn­da iri tas­la­ma­la­ryň üçü­si­niň — Aki­na — And­hoý be­ket­le­ri­niň ara­syn­da­ky de­mir ýol şa­ha­sy­nyň, Ker­ki — Şi­bir­gan elekt­rik ge­çi­ri­ji uga­my­nyň hem-de op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň we Ymam­na­zar — Aki­na, Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy üs­ta­şyr akym­la­ry­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, şeý­le-de Çär­jew et­ra­by­nyň «Ma­laý» gaz kä­nin­dä­ki tä­ze gaz gy­sy­jy des­ga­nyň da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­ma­gy gö­wün­le­re ga­nat be­ren buý­sanç­ly wa­ka­lar bol­dy.

Aki­na — And­hoý (Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy) men­zil­le­ri­niň ara­syn­da­ky 30 ki­lo­metr­lik de­mir ýo­lu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi, Ker­ki (Türk­me­nis­tan) — Şi­bir­gan (Ow­ga­nys­tan) ug­ry bo­ýun­ça güý­jen­me­si 500 ki­lo­wolt bo­lan 153 ki­lo­metr­lik elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň, Ymam­na­zar — Aki­na hem-de Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy op­ti­ki-sü­ýüm­li hal­ka­ra ul­ga­myň açyl­ma­gy we işe gi­ri­zil­me­gi, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, türk­men-ow­gan dost­lu­gy­nyň bar­ha da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny, Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň goň­şy ýur­duň yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi, se­na­gat we dur­muş üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi ug­run­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär et­di.

Ogul­sa­byr ALO­WO­WA,
Ahal we­la­ýat ki­tap­ha­na­sy­nyň bi­rin­ji de­re­je­li ki­tap­ha­na­çy­sy.