Ýylyň şygary — döwrüň şamçyragy

13 Ýanwar 2021
2852

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, indi ýurdumyzda her ýyly özboluşly şygar bilen dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şol şygar öňde goýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýär.

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy dabaraly belleniljek 2021-nji ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi watandaşlarymyzyň her biriniň göwnüni galkyndyran waka öwrüldi. Uly umyt-arzuwlar bilen garşylan täze ýylymyzyň bu buýsandyryjy şygarynyň manysynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr.

Ýörite habarçylarymyz.