Yhlasa — myrat

13 Ýanwar 2021
2469

Golaýda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak çagalara 1992-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 64-si, çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si mynasyp boldy. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda we welaýat merkezlerinde guralan dabaralar ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Dabaralarda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolan körpelere şahadatnamalar, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Mähriban çagalar! Şu ýyl Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagy başaran deň-duşuňyzyň biri-de, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Merdan Çuriýewdir. Ol mekdebe ilki gadam basan gününden başlap, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Galkynyş» çeper okaýyş gurnagyna gatnaýar. Özüniň ukyp-başarnygy, erjelligi bilen deň-duşlaryndan tapawutlanýan Merdan geljekde medeniýet we sungat işgäri bolmagy maksat edinýär. Şeýle hem, ol türkmen hem-de daşary ýurt edebiýaty bilen içgin gyzyklanýar. Mundan başga-da, Merdan daşary ýurt dillerini, ýagny, rus, iňlis, nemes dillerini hem içgin özleşdirýär. Sapaklaryndan soňra ol sportuň dürli görnüşleri, esasan-da, futbol, basketbol, tennis oýunlary bilen meşgullanmagyny dowam edip, bedenini berkidýär. Ol orta mekdepde, Çagalar we ýetginjekler köşgünde geçirilýän dabaralara işjeň gatnaşyp, özüniň ukyp-başarnygyny görkezýär.