Parahatçylygyň, ynanyşmagyň dabaralanmasy

12 Ýanwar 2021
2200

Öňňin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Bu möhüm çäre, ýylyň adyndan belli bolşy ýaly, dostlugyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň waspyny etmegiň özboluşly beýany boldy.

Dabaraly çäre Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň hem-de A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikde guran «Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!» atly aýdym-sazly kompozision sahnasy bilen açyldy. Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu sahnada Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň çuňňur söýgüsi we egsilmez hormaty öz beýanyny tapdy.

«Mugallymlar gazeti».