Aýdym bilen adygan

11 Ýanwar 2021
1743

Agşamara obanyň merkezinde ýerleşýän ýangyn jaňy üznüksiz kakylyp başlandy. Küren oba şol bada garynjanyň öýjügine öwrüldi. Öýlerinden okdurylyp çykan oba adamlary «Kimiň öýi ýanýarka?» diýip, ellerine suwly gaplary alyp ylgaşdylar. Daş-töwerege garanjaklaşdylar. Emma, ne ýangyn görünýärdi, ne-de tüsse. Az salymyň içinde äpet jaňyň töweregine üýşen jemende, hiç ýerde ýangyn döremändigine göz ýetirdi. Jaňy kakan bolsa, şol obanyň paýhasly gojalarynyň biridi. Ondan ýangyn ýok ýere näme üçin jaňy kakandygy soralanda, ol obadaşlaryna şeýle jogap berdi:

— Obamyzda şeýlebir ussat bagşy döräpdir. Onuň aýdymlaryny diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Men ol aýdymlary diňläp lezzet alýaryn. Öz obadaşlarymyzyň hem bir gezek bolsa-da, gerekli-gereksiz işlerini, dynuwsyz hysyrdylaryny bir gapdala goýup, şol bagşyny diňläp, ruhy lezzet almagyny isledim. Jaňy kakyp, sizi bu ýere jemlemegiň sebäbi şudur...