Sagdyn iýmitlenmek — saglygyň girewi

8 Ýanwar 2021
1963

Kadaly iýmitlenmek sagdyn durmuşyň möhüm ugry bolup durýar. Onuň esasy düzgünlerini çagalykdan berjaý etmeli. Häzirki döwürde dünýäde artykmaç agramlykdan kösenýän adamlaryň sany gitdigiçe artýar. Biziň saglygymyz, keýpimiz, işjeňligimiz iýýän iýmitimize baglydyr. Şonuň üçin sagdyn, peýdaly, tebigy, ekologiýa taýdan arassa iýmitlerden peýdalanmaly. Peýdaly iýmit hökman bedeniň gowy tarapa üýtgemegine getirýär.

Sagdyn durmuşy alyp barmak üçin sagdyn iýmitiň käbir syrlaryny bilmek zerurdyr. Ol bolsa şulardan ybarat. Sintetiki önümlerden we konserwantlardan ýüz öwrüp, tebigy iýmit önümlerini köpräk ulanmaly, şübheli hilli we näbelli gelip çykyşly iýmitden boýun gaçyrmaly. Süýjüli nygmatlary iýmitden doly aýryp bolmaýar. Ýöne olary peýdaly, siziň keýpiňizi ýokarlandyrjak we bedene düşýän uglewodlaryň mukdaryny köpeltmeýän, syratyňyza zyýan ýetirmeýän süýjili nygmatlar bilen çalşyp bolar. Naharlaryň taýýarlanyş usullaryny täzeden seretmeli, gaýnatma, buglama, gyzgyn peçde bişirmek usullaryny makul bilip, önümleri ýaga gowurmakdan daşlaşmaly.

Bägül ORAZLYÝEWA,
Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň Aritmologiýa bölüminiň müdiri.