Kime näme sowgat bermek isleýärsiňiz?!

18 sagat öň
38

Baýramçylyk mynasybetli hemmelere lezzet paýlaýan sowgatlary taýýarlamak örän gyzykly we hysyrdyly meseledir. Hakykatdan-da, her kim öz isleýän zadyny sowgat almak isleýär. Ýöne ol islegleri öňünden nädip bilmeli. Ine, biziň bu çaklaňja ýazgymyz hut şol barada.

Ata-eneler üçin sowgat. Biziň, ilkinji nobatda, iň mähriban ynsanlarymyz bolan ata-enemiz üçin sowgat saýlamagymyz gerek. Olaryň näme isleýändigini ýa-da olara näme gerekdigini gündelik durmuşdaky gürrüňler arkaly hem öwrenip bilýäris. Emma ene-atalarymyz bu barada söz açmaýan bolsa, onda biz pikirlenip, sowgat saýlamaly bolarys. Köpleriň pikirine görä, ejeler üçin iň ýakymly Täze ýyl sowgady galyň hem ýyly egne atylýan ýaglyk, maşgala suraty basylan jäç bulgur ýa-da fotoalbom, olara bagyşlanyp aýdylan aýdymlar, çagalarynyň öz elleri bilen çeken maşgala suratlary, gutlaglar bolup biler. Kakalarymyza öýüň ulusy, maşgalanyň başy hökmünde gymmat hem görnükli sagat, owadan boýunbag, iş stolunyň üstünde goýar ýaly bezeg heýkellerini saýlap bileris. Eger olarda balyk tutmaga höwes bar bolsa, onda täze tordur garmaklar, şaşka, küşt, düzzüm oýnaýan bolsa oýun esbaplary, kitaphon bolsa öz döwürdeş ýazyjylarymyzyň ýadygärlik ýazgysy ýazylan islendik bir kitaby, taryhy kinofilmleriň toplumyny sowgat bermek täsirli bolar.

Döwletjemal IBADULLAÝEWA,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mugallymy.