Röwşen geljegiň binýady

19 sagat öň
29

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ösüşleriň we özgerişleriň netijesinde täze üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler hem döwletiň geljekki ösüşleriniň aýdyň kepilidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde berkarar Diýarymyzda bilim ulgamyny has-da ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçýär.

Nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesiller üçin döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzyň ýagty geljegini üpjün edýär. Berkarar ýurtda ýaşamak, döretmek, gurmak, zähmet çekmek bagtlylykdan nyşandyr. Ata Watanymyzy beýik ösüşler, belent sepgitler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, päk ýürekden zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Mähri HAJYÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 11-nji orta mekdebiň mugallymy.