«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Basketbol oýny 1891-nji ýylda oýlanyp tapylan sportuň bir görnüşidir. «Basketbol» sözi iňlis dilinde «basket» — sebet, «ball» — top diýmegi aňladypdyr. Häzirki wagtda bu oýun Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda sportuň iň meşhur görnüşleriniň birine öwrüldi. 1891-nji ýylyň dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçusets ştatynyň Springfild şäherindäki türgenleşik mekdebiniň mugallymy, kanadaly Jeýms Neýsmit basketbol oýnuny oýlap tapyp, ony şeýle häsiýetlendirýär: «Basketboly oýnamak aňsat, ýöne oňat oýnamak kyn». 1911-nji ýylda Springfild kolleji Jeýms Neýsmitiň bitiren hyzmatlary üçin oňa «Bedenterbiýäniň ussady» diýen hormatly derejäni berýär. 1968-nji ýylda bolsa kollejde «Basketbolyň şöhraty» atly Jeýms Neýsmit muzeýi açylýar.