«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Ata Watanymyzyň astam baýlyk, üstem. Bereketli topragymyzyň halkymyza eçilen peşgeşiniň özi bahasyz baýlykdyr. Bu topragyň döredýän gudratyna haýran galaýmak galýar. Güneşli Diýarymyzda bitýän her bir otuň dermanlyk hasaplanmagy ata-babalarymyzdan galan asylly düşünjedir. Elbetde, türkmen topragynda bitýän her bir otuň dermanlyk häsiýeti diýseň uludyr. Olaryň tebigylygy we täsir edijiligi beýleki emeli derman serişdeleriniňkiden ýokarydyr. Ynsan saglygyny we ony berkitmek babatynda halkymyz ýokary tejribä eýedir. Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz jana melhem otlarymyzy gorap saklap, yhlas bilen olar baradaky maglumatlary iň kämil derejede alnyndan ak gün dogan döwletimiziň nesillerine goýan mirasydyr.