«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Alymlar sazyň çaganyň fiziki ösüşine ýetirýän täsirini çuňňur öwrenmegi dowam edýärler. Eneler öz perzentlerine hüwdi ýaly ýakymly aýdym-sazlary hiňlenip bermeli. Çaga hüwdülense ýa-da oňa gyzykly erteki gürrüň berilse, ol rahat uklaýar. Şeýle hem aýdym–saz ýaňy gepläp başlan çagalar üçinem ähmiýetlidir, sebäbi çaga goşgulary, aýdymyň sözlerini gowy ýatda saklaýar, olary öwrenmäge uly höwes bildirýär.