Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, senden soňkulara ýadygär bolar» diýşi ýaly, biziň ene dilimiz müňýyllyklaryň dowamynda söz ussatlary tarapyndan kämilleşen, taraşlanan, şahyrana edebi dildir. Çeper edebiýatda sözleýşiň täsirliligini gazanmak esasy maksatdyr. Şonuň üçin çeper eserlerde ýazyjy-şahyrlar tarapyndan dürli çeperçilik serişdeleri işjeň ulanylýar. Söz ussatlary öz eserleriniň okyja ýiti täsir etmegi üçin dil birliklerinden oňadyny saýlap-seçýärler. Metafora, metonimiýa, epitet, allegoriýa, ewfemizm, ulaltma, kiçeltme ýaly dürli çeperçilik serişdeleri bilen birlikde perifraza-da dilde işjeň ulanylýar.
Perifraza grek sözi bolup, «aýlawly jümle» diýen manyny berýär. Pikiri şahyrana beýan etmekde söz ussatlary, dilewar adamlar adaty sözleri aýlawly, sypatlandyryp atlandyrýan jümleler bilen çalşypdyrlar. Bu sözleýşiň täsirliligini artdyrypdyr. Perifraza käbir zadyň bir sözden ybarat adyny sypatlandyrmak arkaly iki we ondan köp sözden ybarat jümlede aýlawly, göçme manyda başgaça atlandyrmakdyr. Perifraza çalyşýan sözünden täsirliligi we mana baýlygy bilen tapawutlanýar. Ol söz düzümi görnüşinde bolsa-da, iki söz birlikde bir soraga jogap bolýar.