Hindistanly Gukeş Dommaraju küşt boýunça taryhda iň ýaş dünýä çempiony hökmünde rekord goýdy. Ol küşt täji üçin Singapurda geçen oýunlarda hytaýly Din Lijeni 7,5-6,5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Hindistanly ýaş küştçiniň aýgytlaýjy döwdäki ýeňşini gara mallar bilen oýnap gazanandygyny bellemek gerek.
Şeýlelikde, Gukeş Dommaraju 18 ýaşynda küşt täjiniň eýesine öwrülip, bu ugurda 1985-nji ýylda 22 ýaşynda küşt boýunça dünýä çempiony bolan Garri Kasparowyň rekordyny täzeledi.