Bilim ulgamynyň möhüm meselelerine bagyşlandy

6 Ýanwar 2021
2197

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, bilim ulgamy hem günsaýyn kämilleşdirilýär. Sagdyn, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesli terbiýelemek döwletimiziň bilim syýasatynyň esasyny düzýär. Munuň üçin döwletimizde döredilýän döwrebap şertler mekdep mugallymlarynyň işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlara ösen döwrüň talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde mugallymlar özleriniň hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Olar okatmagyň dünýä ülňülerine laýyk usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan, interaktiw tagtalardan, dürli multimediýa okuw-tehniki serişdelerinden, internet ulgamyndan, elektron kitaplardan netijeli peýdalanýarlar. Ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmekde bilim işgärleriniň her ýylyň başynda geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlary we maslahatlary möhüm ähmiýetli çäreleriň biri hasaplanýar.