Gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi

18 Dekabr 2024
142

Ýurdumyzda köpugurly çözgütleriň esasynda gurulýan binalar toplumlary, döwrebap şäherler we obalar, amala aşyrylýan şähergurluşyk taslamalary ata Watanymyzyň kuwwatynyň uludygyny delillendirýär. Olarda türkmen halkynyň döredijilik ruhy hem-de okgunly ylmy-tehniki ösüş, şeýle hem «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen baş ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegi öz aýdyň beýanyny tapdy.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan giň görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen döwrebap senagat kärhanalary gurlup, ösen ulag düzümi kemala getirilýär hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzdaky giň gerimli özgertmeleriň nyşanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň birnäçe gözel desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýörite habarçymyz.