Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň köpugurly pudagydyr

17 Dekabr 2024
70

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.