Okatmagyň we bilim öwretmegiň usullary

15 Dekabr 2024
271

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, okatmagyň iň döwrebap usullary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýaş nesle bilim öwretmekde kämil usullar işjeň ulanylýar. Aslynda, bilim öwretmek irki ýaşdan başlanýar. Biziň ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralarynda, orta mekdeplerde hem çagalaryň bilime bolan höwesi, ilkinji düşünjeleri ösdürilýär. Ýaş nesliň çagalar baglaryndan, orta mekdeplerden we ýokary okuw mekdeplerinden alýan bilimleri olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine oňat ýardam berýär.

Ýaş nesliň ilkinji bilimleri orta mekdepleriň başlangyç synplarynda kemala gelýär. Şunda okatmagyň usullarynyň, pedagogikanyň çuňňur many-mazmunynyň bardygyny bellemek gerek. Ilkinji basgançaklardan, has takygy, başlangyç bilimden binýat alýan düşünjeler has-da kämil bolýar. Çaganyň şu ýaşynda psihologiýasy, dünýägaraýşy kemala gelýär. Şonuň üçin hem mugallymyň pedogogik usullary, bilim öwretmekde dürli usullary durmuşa geçirmegi we çagany bilime ugrukdyrmagy hökmanydyr. Şunda tejribeden geçen, ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryň ulanylmagy gerek. Sebäbi ylmy taýdan esaslandyrylan usullar okuw işini ugrukdyrýar we çaganyň bilime bolan höwesini artdyrýar.

Güljan ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.