Suratkeşleriň bäsleşigi

12 Dekabr 2024
165

6-njy dekabrda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan ýylyň başynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Döredijilik bäsleşiginde Baş baýraga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, nakgaş W.Gurdow, Mary welaýatynyň Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy D.Durdyýew, I orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary B.Amansähedow, A.Baýlyýewa, H.Çüriýew, D.Akyýew, G.Annagulyýewa, G.Nuwwaýewa, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary P.Mämiýew, G.Goçmyradow, J.Baltaýewa, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy B.Çaryýew we H.Garajaýew, II orna Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary G.Babaýewa, B.Çaryýewa, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy T.Çopanow, III orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary B.Bekmyradow, B.Berkeliýew, O.Öwezow, R.Berdiýew, O.Muhatowa we çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Aýjan Kadyrowa mynasyp boldular. Ýeňijilere «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hemaýatkärlik etmeginde gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda halypa heýkeltaraş B.Annamyradowa, nakgaşlar Ö.Mämmetnurowa, M.Çaryýewe, K.Seýitmuhammedowa, keramikaçy M.Ataýewa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Bäşim Nuraly adyndaky baýragy gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.