«Suw — keramat» diýýär türkmen. Oňa mukaddeslik hökmünde seredýär. Suwuň keramat, mukaddeslik kemi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Saud Arabystanyna amala aşyran iş sapary bolsa bu goşa belentligiň özboluşly sazlaşygyna öwrüldi. Agramly bölegini ümmülmez sähralyklar eýeleýän saud topragy Yslam dininiň merkezi hökmünde zyýarat edilýän mekanlara baý. Bu ýerde geçirilen «Bitewi suw» sammiti bolsa mukaddes suwdan rejeli peýdalanmak, onuň Ýer ýüzüniň ilatyna deň derejeli paýlanmagyny gazanmak bilen bagly boldy.
Saparyň Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginden başlanandygyny aýratyn nygtamak gerek. Mukaddeslikleriň mekanyna her gezek gelnende, ýöriteläp zyýarat etmek halkymyzyň zandynda bar. Türkmen halky Käbe ýaly dünýä belli mukaddesliklerden däl, eýsem, oba-garada gabat gelýän zyýarathanalardan sowlup geçmegi hem unamaýar. Mukaddes Käbä edilen zyýarat bolsa döwletli tutumlara rowaçlyk çaýýan aýratynlykdyr.