Rahatlygyň Watany

11 Dekabr 2024
122

Akyldarlaryň biriniň: «Göwündeş adamlaryň aýdymy-da, islegi-de meňzeş bolýar» diýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry hem ähli parahatsöýüji we ynsanlaryň ýüreklerinde uly orun tutup, köňülleriň zynat gaşyna öwrüldi.

Şygyr — ruhuň dermany. Şonuň üçin bolsa gerek, parasatly alymlaryň, pähimdar ulamalaryň, handyr soltanlaryň dünýä ähmiýetli sözleri, ýagşylygy ýaýyjy öwüt-ündewleri şygyr görnüşinde taryhyň ümmülmez giňişliginde hökmürowan wagtdan hem üstün çykyp, häzirki günlerimize gelip ýetipdir.

Aýperi MEREDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.