Ýaş nesliň aladasy ilkinji orunda

11 Dekabr 2024
159

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň geljegi barada uly alada edilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan mekdeplerdir dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýaş nesillere hyzmat edýär. Döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamy nesillerimiziň bilimli bolmagyna, olaryň geljekde durmuşda öz orunlaryny tapmagyna ýakyndan ýardam berýär.

Ýaş nesil baradaky alada maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýar. Perzentleriň ata-eneden görelde almagy olaryň geljekde edep-terbiýeli bolup ýetişmeginiň esasy şertidir. Çünki çaganyň maşgalada alan terbiýesiniň, görüm-göreldesiniň, durmuş endikleriniň, kemala gelýän dünýägaraýşynyň onuň geljekki durmuşynda uly orny bardyr. Ene-ata, terbiýeçä, mugallyma terbiýe meselesinde köp zat baglydyr. Körpeleriň maksada okgunly, başarnykly şahsyýet bolup kemala gelmeginde milli oýunlaryň üsti bilen berilýän terbiýäniň orny hem uludyr.

Täzegül NADYROWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.