Türkmen keçesi hem edil el halysy ýaly öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biridir. Ene-mamalarymyzdan miras galan, sungata öwrülen senet bolan keçe barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr» diýip, belleýär.
Suwy ursaň sozulmaz,
Daşa ursaň döwülmez,
Eýi ýetse eýilmez,
Suwa ýetse süzülmez.