9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.