«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024
Sport gimnastikasy ähli myşsa toparlaryny ösdürýän ählumumy sport görnüşidir. Sport bilen meşgullanýan çagalar güýçli immuniteti, sazlaşykly fiziki ösüşi, häsiýeti, erjelligi we tutanýerliligi bilen deň-duşlaryndan tapawutlanýar. Tälimçileriň we psihologlaryň bellemeklerine görä, çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin 5-6 ýaşlary maslahat berýärler. Emma käbir ýerlerde 3 ýaşdan hem maslahat berilýär. Bu ýaşda sapaklar oýnawaç görnüşde geçirilýär we çaganyň hemmetaraplaýyn ösmegine goşant goşýar.