Ruhubelentlige beslenen dabara

4 Dekabr 2024
185

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli toý mekanynda Aşgabat şäher häkimligi bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, şeýle-de sirk artistleriniň görkezen oýunlary gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri döretdi.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.