Dost-doganlygy ösdürýän ýörelge

4 Dekabr 2024
164

Berkarar döwletimiziň berk binýady bolan baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, dünýäde ykrar edilen döwlet syýasaty netijesinde hemişelik Bitaraplyk derejämiz özüniň many-mazmuny hem-de mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna we gyzyklanmasyna mynasyp bolýar. «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyz dünýäde we sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, daşary döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamaga aýratyn üns berýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyz bitaraplygymyzyň ýörelgelerine uly üns bermek arkaly, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen ählumumy bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldýär, milli hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlary orta atýar, olaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur tagallalary edýär. Öz borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny anyk tutumlaryň üsti bilen tassyklaýan eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha artýar. Bu bolsa gün-günden rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýar.

Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň at-abraýy, mertebesi mundan beýläk-de belende galyp, oňa şöhratly menziller hemra bolsun!

Ýegenmyrat WELIÝEW,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.