Eşretli durmuşyň girewi

4 Dekabr 2024
166

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramaga gönükdirilen döwletli tutumlar täze belentlikleri nazarlaýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň, şypahanalaryň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň hatary ýylsaýyn artýar. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ynsan saglygyny berkitmekdäki giň mümkinçilikleri buýsançly söhbetlere mynasypdyr. Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işiniň ýola goýulmagy bolsa, saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ähmiýetli wakadyr. Kärhananyň ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürýän dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleri geljekde halkara bazarlarda hem mynasyp ornuny tapar.

Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygyny berkitmekde dowamat-dowam tapýan şunuň ýaly oýlanyşykly özgertmeler mähriban Watanymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Her birimizi sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermäge ruhlandyrýar. Ynsan saglygyna oňyn täsir edýän bu ýörelgeler adamda tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi terbiýeleýär, döredijilik kuwwatyny artdyrýar. Diýmek, saglyk durmuşyň gözelliklerini has içgin duýmagyň, ýürekde beslän iň arzyly arzuwlaryňa ýetmegiň, saýlap alan hünäriňde uly üstünlikleri gazanmagyň gözbaşydyr.

Gülistan BEGENJOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.