Şöhratly taryhyň beýany

3 Dekabr 2024
194

Garaşsyz Watanymyzda şanly Bitraplyk baýramyny garşylaýan günlerimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby ajaýyp sowgat bolup ellerimize gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň şöhratly taryhy hakynda toplan ençeme maglumatlaryny jemläp, zehin eleginde eýläp ýazan täze kitabynda şöhratly taryhymyzyň beýany, türkmen medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy täsirli beýan edilýär.

Täze kitap Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurmak hakyndaky syýasatynda döwlet ýolbaşçysy hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesiniň, galyberse-de, türkmeniň taryhynyň, halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň, ruhy-medeni derejesiniň beýleki halklardan tapawutlylygy hakyndaky taryhy-filosofiki oýlanmalarynyň beýanyny özünde jemleýär. Alym Arkadagymyzyň taryhçy hökmünde, filosof hökmünde, şeýle hem, döwlet gurmagyň, dolandyrmagyň, halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň diplomatik ýollaryny bilýän başarjaň syýasatçy hökmündäki garaýyşlary täze kitabyň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär.