Döwrebap mümkinçilikleriň gözbaşy

1 Dekabr 2024
465

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik özgertmeleriň hatarynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» aýratyn bellemek gerek. Konsepsiýada öňe sürülýän pikirler, öňde goýulýan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde okatmagyň we bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary barha kämilleşdirilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler mugallymlary, şeýle hem ähli bilim işgärlerini buýsandyrýar. Çünki ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim öwrenmegi üçin döredilýän giň gerimli şertler çuňňur many-mazmuna eýedir. Şunda bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň iň täze gazananlary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär.

Jemal BEGMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 46-njy orta mekdebiň mugallymy.