Milli ýörelgeler rowaçlanýar

27 Noýabr 2024
210

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň asyrlarboýy arzuw eden zamanasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen türkmen halky Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletinde erkana durmuşda ýaşaýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda umumadamzat ähmiýetli resminamalaryň ençemesi kabul edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bähbidine gazanan ägirt uly üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ykrarnama eýe bolandygynyň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda üstünlikli durmuşa geçirilen giň gerimli işler merdana halkymyzyň agzybirligini üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny durnukly we sazlaşykly ösdürmäge, eziz Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Döwletmyrat ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.