Halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenýän täze, 2021-nji ýyly ruhubelentlik hem-de şatlyk bilen garşylady. Tamamlanan 2020-nji ýyl ýurdumyzyň taryhyna Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenilen ýyly hökmünde girdi. Geçen ýyl Diýarymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak hem-de halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy.