Baş baýlygy goramak

26 Noýabr 2024
202

Eziz Watanymyz bu günki gün sazlaşykly ösýän ýurt, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde tanalýar. Ýaş nesilleriň sagdyn ösmekleri, bagtyýar ýaşamaklary üçin giň şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň saglygyny berkitmek, degişli sagaldyş-dikeldiş işlerini geçirmek boýunça ägirt uly goldawlar berilýär.

Elbetde, keseli bejermekden ozal onuň öňüni almak ýörelgesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýar. Şol ugra esaslanylyp, ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibi döredilendir. «Immuno-öňüni alyş» Milli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilip, degişli hünärmenler üçin häzirki zaman immunizasiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça okuw maslahatlary yzygiderli gurnalýar.

Gülnara ÝAGMUROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kadaly Fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.