Gant şugundyrynyň bol hasyly ýygnalýar

26 Noýabr 2024
198

Aslynda durmuşda ähli gowy zatlar süýjülige deňelýär. «Süýji durmuşda ýaşamak, süýji günleriň hözirini görmek, süýji ömür sürmek, süýji arzuwlar» diýen ýaly, ençeme jümleleriň döremeginde hem süýjülik tagam bilen baglanyşyk bar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň azyk senagatynda şol süýjülikleriň iň esasysy bolan gant önümçiliginiň möçberiniň artdyrylmagynda biziň gant şugundyrçy kärendeçilerimiziň saldamly goşandynyň bardygyny bellemek buýsandyryjy hakykatdyr. Çünki gant şugundyry ýurdumyzda gant öndürmekde esasy çig-mal bolup durýar

Öz habarçymyz.
Suratda: Atabally Bäşimow kärende ýerinde iş wagtynda. Surata düşüren Muhammet GARAÝEW.