Oba hojalyk tehnikalarynyň köpüsiniň belli bir işe niýetlenilendigi we şol işleriň möwsümleýindigi üçin olaryň ýylyň dowamynda ulanylýan wagty az bolýar. Şonda aýawly saklanmasa, tebigy täsirleriň netijesinde olaryň zaýalanýan halaty-da bolýar. Olar düzgüne laýyk aýawly saklansa, iş öndürijiligi ýokary bolýar. Bu bolsa olaryň ulanyş möhletini uzaltmaga, bejergä sarp edilýän harajatlary azaltmaga ýardam edýär.
Tehnikalary aýawly saklamagyň düzgünleri we tehniki talaplary oba hojalygynda ulanylýan tehnikalaryň aýawda saklanyş düzgünlerine laýyk bolmalydyr.