Halypadan öwrenen ussat

24 Noýabr 2024
338

Maňa onuň bilen bir ýerde bile işleşmek nesip etmedi, ýöne dabaralarda, jemgyýetçilik guramalarynyň ýygnanyşyklarynda ussat mugallym Rejep Käbäýewi daşyndan synlamak, onuň bilen söhbetdeş bolmak telim sapar miýesser bolupdy. Özüni juda ýönekeý alyp barýan, az gepläp, köp diňleýän, zerur bolsa, köpçüligi agzyna bakdyryp bilýän bu adamyň ykbaly bilen gyzyklanmagy makul bilip kän gezdim. Mahal-mahal uly märekelerde ýaşululara Magtymguly Pyragydan aýdyp beren pähimlerine il sylagly gojalarymyzyň juda hoşal bolmagy onuň pähim-paýhasdan ýüküniň ýetikdigine kepil geçýärdi. Elbetde, ýaş-u-garra göreldesi ýeterlik, işine jür, hatly-sowatly ynsanlaryň il arasynda mertebesi belent bolýar.

Wagt tapyp, durmuş tejribesi ýetik gojalaryň birnäçesi bilen gürleşip, onuň durmuş ýoly bilen gyzyklandym.

Meret ÝAGŞYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy.